April 23, 2010

Yokary Liga 2010

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň 18-nji mil­li çem­pio­na­ty bat al­dy.

Iki aý­law esa­syn­da ge­çi­ril­jek çem­pio­nat­da 10 to­par bäs­le­şer. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen möw­süm ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry li­ga­syn­da 9 to­par bäs­le­şip­di we paý­tag­ty­my­zyň HTTU to­pa­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nyp­dy.
Täze möwsümde to­par­la­ryň dör­dü­si paý­tag­ty­my­zyň adyn­dan we­kil­çi­lik edip, olar - HTTU, “Aş­ga­bat”, “Al­tyn Asyr” we “Ta­lyp Spor­ty” klub­la­ry­dyr. Şol san­da Bal­kan we­la­ýa­tyn­dan iki to­par -–“Ne­bit­çi” (Bal­ka­na­bat) bi­len “Şa­ga­dam” (Türk­men­ba­şy) we her we­la­ýat­dan bir klub “Ahal” (Ahal), “Le­bap” (Le­bap), “Merw” (Ma­ry) we “Tu­ran” (Da­şo­guz) çem­pi­on­lyk ug­run­da bäs­le­şer­ler.

1992-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Türk­me­nis­ta­nyň mil­li çem­pio­na­tyn­da paý­tag­ty­my­zyň “Kö­pet­da­gy” (1992, 1993, 1994, 1995, 1998, 2000) 6 ge­zek çem­pi­on­lyk bi­len 1-nji orun­da bar­ýar. Paý­tag­ty­my­zyň baş­ga bir we­ki­li “Ni­sa” 4 (1996, 1999, 2001, 2003), soň­ky çem­pi­on HTTU 3 (2005, 2006, 2009) we “Aş­ga­ba­dyň” ady­bir klu­by bol­sa 2 ge­zek (2007, 2008) ýe­ňi­ji bol­dy. 1997-nji ýyl­da ge­çi­ril­me­dik çem­pio­na­ty­myz­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň to­par­la­ry “Şa­ga­dam­dyr” (2002) “Ne­bit­çi” (2004) bir ge­zek ku­bo­gy as­ma­na gö­ter­di­ler.

No comments: