November 28, 2008

2008 Kubok Merwde. Merw 2-1 HTTU

Marynyň «Merwi» futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Olar şu gün aýgytlaýjy oýunda paýtagtymyzdaky «Çandybil-Nisa» stadionynda geçirilen oýunda ýurdumyzyň wise-çempiony we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi bolan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň komandasyny 2:1 hasabynda utdular.

Munuň özi «Merw» komandasynyň ýaryşlarynyň 17 ýyllyk taryhynda 4-nji, HTTU üçin bolsa ikinji final oýny boldy. Şu günki ýaryşa çenli garşydaşlaryň hersi bir gezek kubok eýeleri bolupdylar. «Merw» 2005-nji ýylda, HTTU bolsa 2006-njy ýylda kuboga mynasyp boldular. Şunlukda bu komandalaryň ikisi hem alty gezek Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi we çempion bolan paýtagtymyzyň «Köpetdagyndan» öňe geçip, final oýna çykdylar.

«Merw» final ýaryşyna öňi bilen birinji ligada oýnaýan «Marguş» komandasyny iki gezek ýeňdi we iki oýnuň jemleri boýunça geçen ýylky bürünç baýragyň eýesi Balkanabadyň «Nebitçisinden» 2:2 we 3:1 hasaby bilen öňe geçmegi başardy. Ýarym finalda bolsa geçen ýylky Kubok eýesi bolan Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 3:1 we 3:2 hasaby bilen utdy. HTTU komandasy hem öz nobatynda geçirilen pökgüler boýunça artykmaçlyk gazanyp, ýokary liga dalaş edýän paýtagtymyzyň «Altyn asyr» komandasyny ýaryşdan çykardylar. Soňra olar Türkmenabadyň «Bagtyýarlygyny» 9:0 we 3:1 hasabynda ýeňdiler, şeýle hem ýurdumyzyň Sport we syýahatçylyk milli institutynyň komandasyndan iki oýnuň jemleri boýunça öňe saýlandylar.

Final oýny diňe bir aşgabatly janköýerlerde ýokary gyzyklanma döretmek bilen çäklenmedi. Bu bäsleşige söýgüli komandasyny goldamak maksady bilen Mary welaýatyndan hem ýüzlerçe janköýerler geldiler we olar öz toparynyň ýeňşiniň şaýady boldular.

Komandalaryň ikisinde hem oýnuň birinji we ikinji bölümlerinde hasaby açmaga mümkinçilikler az bolmady. Oýnuň 31-nji minutynda maryly oýunçy Gurbanmuhammet Gurbanmuhammedow ynamly pas bilen Witaliý Alikperowy urgy pozisiýasyna çykardy. Şeýlelikde 16 metrlikden urlan pökgi derwezä girdi. HTTU-nyň oýunçysy Mämmedaly Garadanow ýaryşyň birinji bölüminiň gutarmagyna iki minut galanda hasaby deňledi. Oýnuň 50-nji minutynda Witaliý Alikperowyň uran pökgüsi «Merwe» ýeňiş getirdi.

«Merwiň» tälimçisi Magtymguly Begenjowyň TDH-niň habarçysyna beren gürrüňine görä, möwsüm başlamanka komandanyň öňünde ýurduň Kubogyny eýelemek wezipesi goýuldy. Bir bellemeli zat, ol hem M.Begenjow üç ýyl mundan ozal komandanyň hatarynda oýunçy döwründe «Merw» kubok eýesi boldy. Ine, indem tälimçi hökmünde birinji gezek uly üstünlik gazandy.

M.Begenjowyň sözlerine görä, ol bu ýaryşa özüniň kömekçisi Merdan Nursähedow bilen gowy taýýarlyk gördüler. Agzybir komandanyň futbolçylary örän berk tertip-düzgüne, durnukly häsiýete we meýdançada bolsa mertlige bil bagladylar. Bu bolsa olara üstünlik getirdi.

November 18, 2008

Yokary Ligada - sonky 22nji tapgyr

Yokary Ligada - sonky 22nji tapgyr:
Aşgabat 2-0 Bagtyyarlyk
HTTU 2-0 Altyn Asyr
Nebitçi 4-2 Gara Altyn
Ahal 1-3 Merw
Şagadam 1-0 Turan

Aşgabat Çempiyon!!!
HTTU 2nji,
Nebitçi 3nji.

Tablisa:
1. Aşgabat 52
2. HTTU 47
3. Nebitçi 44
4. Merw 34
5. Talyp Sporty 28
6. Şagadam 27
7. Turan 25
8. Altyn Asyr 23
9. Gara Altyn 20
10. Ahal 4
11. Bagtyyarlyk 4

November 17, 2008

Yokary Liga - 21nji tapgyr

21nji tapgyr oyunlary:
Aşgabat 1-0 Altyn Asyr
HTTU 2-0 Gara Altyn
Merw 2-0 Şagadam
Bagtyyarlyk 2-0 Ahal
Turan 1-0 Talyp Sporty

Tablisa:
1. Aşgabat 49
2. HTTU 44
3. Nebitçi 41
4. Merw 31
5. Talyp Sporty 28
6. Turan 25
7. Şagadam 24
8. Altyn Asyr 23
9. Gara Altyn 20
10. Ahal 4
11. Bagtyyarlyk 4

Yokary Liga - 16njy tapgyrdan goyberilenler.

16njy tapgyrdan goyberilen 2 oyun oynaldy:
HTTU 2-0 Talyp Sporty
Aşgabat 0-0 Şagadam

November 7, 2008

Kubokda - yarym final

Kubok-2008, yarym finalynyn 2nji ayagy oynaldy.

1nji ayagy:
Merw 3-1 Şagadam
HTTU 1-0 Talyp Sporty

2nji ayagy:
Şagadam 3-2 Merw
Talyp Sporty 0-0 HTTU

Final duşuşygy 27nji noyabrda Aşgabatda oynalar.
Merw jemi 4nji gezek Kubok finalyna çykyar. 1993de Köpetdaga 4-0 yenilipdi, sonra 2005de yene Köpetdagy 4-2 (oyun 1-1; penaltylar 3-1) geçip Kubogy eyelapdi. Geçen yyl 2007de bolsa Şagadama 1-0 yenilip Kubogy alyp bilmandi.
Finalda yenilip görmedik, HTTU 2nji gezek finala çykyar. 2006da Köpetdagy 7-6 (oyun 0-0; penaltylar 7-6) geçip Kubogy aldy.

November 5, 2008

"AFC" name zat?

Aziya futboly barada tanyşdyryş yazmak isleyan.

AFC Name zat?
AFC - Asian Football Confederation, yagny Aziya Futbol Konfederasiyasy, Aziyadaky futbolyn baş dolandyryjysy.
AFC Aziya döwletlerini Fifa reytinglerine göra 3 topara bölüpdir:
1. Ösen döwletler (ilkinji 12lik)
2. Ösyan döwletler (12-24 töwerekleri)
3. Ösmedik döwletler (we galan 43e çenliler)
Türkmenistan hazir şonun "ösmedik" döwledi hökmünde kabul edilyar. Sebabi reytinglerde 26 töwereklerinde gezip yör.
Bu 3 topara bölme sistemasy sonky gezek 2007de edildi, indiki gezegem 2010-2011 yyllarynda tazeden düzeldilmegine garaşylyar, sebabi her yylda reytingde döwletler üytgap duryar. Umydymyz Türkmenistanyn ilki başda "ösyan"lerin hataryna, sonra bolsa "ösen"lere goşulmagy.

Bu yokarkylaryn name tasiri bar?
AFC şu yokarky toparlara göra döwletleri derejelendiryar. Aziya döwletlerinin arasynda geçyan "Asian Cup"laryn saylamalaryna hem "ösmedik"ler alynmayar. Muna garamazdan "ösmedikler" üçin her 2 yylda "Challenge Cup" diylip yaryş gurnalyar. Aziya futbol klublarynyn arasynda hem jemi derejelerine göra 3 yaryş gurnalyar:
1. "AFC Champion's League" (dineje "ösen" döwletlerin klublary gatnaşyp bilyar)
2. "AFC Cup" (dineje "ösyan"lerin klublary alynyar)
3. "AFC President's Cup" ("ösmediklerin klublary gatnaşyp bilyar)

"Çempiyonlar Ligasy" Aziya klublarynyn in abrayly yaryşy, we öran köp pul kömegi berilyar. In pes yaryş bolsa "Prezidentin Kubogy", ona hem her yyl Türkmenistanyn çempiyony gidyar.
Türkmenistan döwlet hökmünde hem, yokarky peslerin yaryşy "Challenge Cup"da çykyş edyar.

November 4, 2008

Yokary Ligada 20nji tapgyr


Türkmen Ligasynda 20nji tapgyr oyunlary oynaldy:
Aşgabat 3-0 Gara Altyn
Nebitçi 9-0 Turan
Talyp Sporty 0-0 Merw
Bagtyyarlyk 0-3 Altyn Asyr
Ahal 0-3Şagadam
HTTU yeke.
Yene 2 tapgyr galdy.
Tablisa:
1. Aşgabat 45
2. Nebitçi 41
3. HTTU 38
4. Merw 29
5. Talyp Sporty 29
6. Şagadam 23
7. Altyn Asyr 23
8. Turan 22
9. Gara Altyn 20
10. Ahal 4
11. Bagtyyarlyk 1

November 3, 2008

Rubin Kazan Çempiyon!

Blogyn ilkinji güni, şowly boldy. Bugün habarlardan eşiden bolmagynyz ahmal, Rossiya Futbol Çempiyonatynda Kazanyn Rubini liga gutarmagyna 3 duşuşyk galmagyna garamazdan çempiyon boldy.

Rubinin treneri we wise-prezidenti Gurban Berdiyewi bilmeyan yok bolsa gerek?

Gutlayarys, Gurban Berdiyewi we ahli Rubin Kazan janköyerlerini.

Gurban Berdiyewin önünde indiki yyl uly mesele dur, Yewropa Çempiyonlar Ligasy.

Rubinin abray gazanmagy, Berdiyewin abrayy, Berdiyewin abrayy, ahli türkmenlerin abrayy.

Pyssymylla

Pyssymylla.
Salam gadyrly blog okyjy. Türkmen futbolyny yzarlayan köp adam bardyr, emma garşynda türkmen futboly barada ilkinji blog dur. Bu blogda men türkmen futboly barada tapyp bilen zadymy goymakçy. Daliler yaly "yeke özi yazyp, yeke özi okayar" diyilmez yaly, okyjylar kommentleri bilen goldaw berse, goşulsa öran şat bolardym.
Sagbolun. :)