November 28, 2008

2008 Kubok Merwde. Merw 2-1 HTTU

Marynyň «Merwi» futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Olar şu gün aýgytlaýjy oýunda paýtagtymyzdaky «Çandybil-Nisa» stadionynda geçirilen oýunda ýurdumyzyň wise-çempiony we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi bolan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň komandasyny 2:1 hasabynda utdular.

Munuň özi «Merw» komandasynyň ýaryşlarynyň 17 ýyllyk taryhynda 4-nji, HTTU üçin bolsa ikinji final oýny boldy. Şu günki ýaryşa çenli garşydaşlaryň hersi bir gezek kubok eýeleri bolupdylar. «Merw» 2005-nji ýylda, HTTU bolsa 2006-njy ýylda kuboga mynasyp boldular. Şunlukda bu komandalaryň ikisi hem alty gezek Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi we çempion bolan paýtagtymyzyň «Köpetdagyndan» öňe geçip, final oýna çykdylar.

«Merw» final ýaryşyna öňi bilen birinji ligada oýnaýan «Marguş» komandasyny iki gezek ýeňdi we iki oýnuň jemleri boýunça geçen ýylky bürünç baýragyň eýesi Balkanabadyň «Nebitçisinden» 2:2 we 3:1 hasaby bilen öňe geçmegi başardy. Ýarym finalda bolsa geçen ýylky Kubok eýesi bolan Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 3:1 we 3:2 hasaby bilen utdy. HTTU komandasy hem öz nobatynda geçirilen pökgüler boýunça artykmaçlyk gazanyp, ýokary liga dalaş edýän paýtagtymyzyň «Altyn asyr» komandasyny ýaryşdan çykardylar. Soňra olar Türkmenabadyň «Bagtyýarlygyny» 9:0 we 3:1 hasabynda ýeňdiler, şeýle hem ýurdumyzyň Sport we syýahatçylyk milli institutynyň komandasyndan iki oýnuň jemleri boýunça öňe saýlandylar.

Final oýny diňe bir aşgabatly janköýerlerde ýokary gyzyklanma döretmek bilen çäklenmedi. Bu bäsleşige söýgüli komandasyny goldamak maksady bilen Mary welaýatyndan hem ýüzlerçe janköýerler geldiler we olar öz toparynyň ýeňşiniň şaýady boldular.

Komandalaryň ikisinde hem oýnuň birinji we ikinji bölümlerinde hasaby açmaga mümkinçilikler az bolmady. Oýnuň 31-nji minutynda maryly oýunçy Gurbanmuhammet Gurbanmuhammedow ynamly pas bilen Witaliý Alikperowy urgy pozisiýasyna çykardy. Şeýlelikde 16 metrlikden urlan pökgi derwezä girdi. HTTU-nyň oýunçysy Mämmedaly Garadanow ýaryşyň birinji bölüminiň gutarmagyna iki minut galanda hasaby deňledi. Oýnuň 50-nji minutynda Witaliý Alikperowyň uran pökgüsi «Merwe» ýeňiş getirdi.

«Merwiň» tälimçisi Magtymguly Begenjowyň TDH-niň habarçysyna beren gürrüňine görä, möwsüm başlamanka komandanyň öňünde ýurduň Kubogyny eýelemek wezipesi goýuldy. Bir bellemeli zat, ol hem M.Begenjow üç ýyl mundan ozal komandanyň hatarynda oýunçy döwründe «Merw» kubok eýesi boldy. Ine, indem tälimçi hökmünde birinji gezek uly üstünlik gazandy.

M.Begenjowyň sözlerine görä, ol bu ýaryşa özüniň kömekçisi Merdan Nursähedow bilen gowy taýýarlyk gördüler. Agzybir komandanyň futbolçylary örän berk tertip-düzgüne, durnukly häsiýete we meýdançada bolsa mertlige bil bagladylar. Bu bolsa olara üstünlik getirdi.

No comments: