December 21, 2008

GDA Kubogy - 2009

«Aşgabat» wajyp ýaryşyň bosagasynda

Golaýda däbe öwrülen Arkalaşygyň çempionlarynyň kubogynda çykyş etjek toparlaryň bijesi çekildi. Şonda ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etjek Türkmenistanyň bassyr 2-nji gezek çempiony paýtagtymyzyň adybir topary „B“ toparçasynda çykyş eder.

Ildeşlerimiz bu toparçada Belarusyň MTZ-RIPO, Litwanyň „Ekranas“ toparlary hem-de Russiýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Türkmenistanly futbolçylar ilkinji duşuşygyny Russiýanyň ýaşlar ýygyndysy (17.01. 2009), 2-njisini MTZ RIPO (18.01.2009), 3-njisini bolsa „Ekranas“ (20.01.2009) bilen geçirer. Ildeşlerimiziň rowaçlyk hemrasy bolsun!
Bäsleşik ýanwar aýynyň 17-25-i aralygynda Moskwada geçiriler. 21-nji ýanwarda çärýek final, 23-üne ýarym final, 25-ine bolsa final oýny oýnalar.

Arkalaşygyň çempionlarynyň kubogynyň toparçalary:
„A“ toparça: „Rubin“ (Russiýa), „Ararat“ (Ermenistan), „Aktobe“ (Gazagystan), „Pahtakor“ (Özbegistan)
„B“ toparça: „Aşgabat“ (Türkmenistan), „Ekranas“ (Litwa), MTZ-RIPO (Belarus), Russiýanyň ýaşlar ýygyndysy
“C” toparça: „Şahtýor“ (Ukraina), „Şerif“ (Moldowa), „Lewadiýa“ (Estoniýa), „Regar –TadAZ“ (Täjigistan)
„D“ toparça: „Inter“ (Azerbaýjan), „Wentspils“ (Latwiýa), „Dordoý-Dinamo“ (Gyrgyzystan), „Inter“ (Finlýandiýa).